Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer

13 ýyl arakesmeden soň Yrak döwletine resmi sapar guran Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan diplomatiýasyny paýtagt Ankara şäherinde dowam etdirer

2131103
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer bilen Prezidentiň kompleksinde duşuşar. 

Prezident Erdogan nemes kärdeşini Beştepede resmi dabara bilen garşylar. 

Dabaradan soň iki lider ikiçäk duşuşyk geçirerler. 

Türkiye bilen Germaniýanyň arasynda dowam edýän gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi babatynda edilip bilinjek ädimler ele alynar. 

Prezident Erdoganyň Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygyny hem gün tertibe getirmegine garaşylýar. 

Prezident Erdogan gyssagly ýaraşygyň üpjün edilmegi we palestinalylara ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýetirilmegi üçin Türkiyäniň çözgüt ýollaryny Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýere ýetirer. 

Prezident Erdogan aralarynda Germaniýa hem bolan käbir Günbatar döwletleriniň Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahu dolanşygyna berjek goldawynyň krizisi has hem çuňlaşdyrjakdygyny beýan eder. 



Degişli Habarlar