Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan gününiň 104-nji ýyly we 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

2131096
Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli X hasabyndan ýüzlenme çap etdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylmagynyň 104-nji ýyly we gözümiziň nury çagalarymyzyň 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramyny gutlaýaryn. Geljegimiziň kepili bolan çagalarymyzyň her gününiň baýram ýaly geçmegini dileýärin. Beýik Millet mejlisimiziň ilkinji başlygy, Milli Azat edijilik uruşymyzyň Baş serkerdesi, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen ýurdumyzyň şu günki güne çenli ýetmegine goşant goşan ähli adamlary uly hormat bilen hatyralaýaryn. Özygtyýarlylygymyz we geljegimiz üçin gözüni gyrpman, janyny pida eden gahryman şehitlerimiziň her birine Alladan rehnet dileýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar