Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi

Prezident Erdogan ekstremist terror guramasy PKK-nyň ortadan aýrylmagynyň Yragyň hem bähbidinedigini beýan etdi

2131093
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Yrak döwletine guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Düýn amala aşyran Yrak saparynda soňky döwürde güýçlenen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ele alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, esasan hem terrora garşy göreş, söwda, transport, energetika we howanyň çalşygynyň täsirleri ýaly ugurlarda edilip bilinjek ädimleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Yragyň gysga wagt ozal terror guramasy PKK-ny gadagan gurama hökmünde yglan edendigini ýatladan Prezident Erdogan: "Ýurdumyzyň şol karardan hoşaldygyny beýan etdik" diýip mälim etdi. 

Terrora garşy göreşi Yrak bilen bilelikde amala aşyrmak isleýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "PKK/PÝD/ÝPG terror guramasy Yragyň hem durnuklylygyna, galkynyşyna, asudalygyna bir howpdur. Bu howpuň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýip belledi. 

Terror guramasyny hökmany ýagdaýda ýok etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Bu meselede tutnaýerlidiris. Terrora we terror guramalary bilen bilelikde ýol ýöreýänlere, terror guramalaryny ulanýanlara meýdany asla goýmarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar