Mehmet Şimşek ABŞ saparyny dowam etdirýär

Mehmet Şimşek ABŞ-nyň Gazna ministriniň orunbasary Uolli Adeýmo bilen duşuşyk geçirdi

2130514
Mehmet Şimşek ABŞ saparyny dowam etdirýär

Türkiyäniň Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek ABŞ-na guraýan saparyny dowam etdirýär.

Mehmet Şimşek ABŞ-nyň Gazna ministriniň orunbasary Uolli Adeýmo bilen duşuşyk geçirdi. 

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýanatda Şimşekiň we Adeýmonyň global ykdysady görkezijiler bilen birlikde ABŞ-nyň we Türkiyäniň ykdysadyýetleri barada pikir alyşandyklary habar berildi. 

Geçirilen duşuşykda söwda we maýa goýumlaryň çuňlaşdyrylmagy bilen birlikde bikanun ýol bilen alynan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar