Türkiýeden Gaza Ugradylan Ynsanperwer Kömek Gämisi Müsüre Bardy

Türkiýeden häzire çenli 13 uçar we 8 gämi bilen 42 tonnalyk ynsanperwer kömegi Gaza ugradyldy.

2129815
Türkiýeden Gaza Ugradylan Ynsanperwer Kömek Gämisi Müsüre Bardy

Türkiýeden Gaza ugradylan 3 müň 774 tonnalyk 9-njy ynsanperwer kömek gämisi Müsüriň Al Ariş portuna bardy.

16-njy aprelde Mersin portundan ugradylan ynsanperwer kömek gämisi 55 sagat dowam eden deňiz ýolagçylygyndan soň düýn gije Müsüriň Al Ariş portuna bardy.

Gämidäki 3 müň 774 tonnalyk ynsanperwer kömegi konteýnerler bilen Rafah gümrük geçelgesine daşalar we Ysraýylyň hüjümleri astyndaky gazalylara paýlanar.

Türkiýeden häzire çenli 13 uçar we 8 gämi bilen 42 tonnalyk ynsanperwer kömegi Gaza ugradyldy.

 



Degişli Habarlar