Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar

Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.

2129875
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar

Katara guran saparyndan soň Gollandiýa giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.

Ministr Fidanyň saparynyň çäginde Gollandiýanyň Daşary işler ministri Hanke Slot bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Duşuşykda özara gatnaşyklar we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary bilen birlikde Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalaryň seljerilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar