“Türkiýe Bilen Edilýän Gatnaşyklar, ÝB we Gollandiýa Üçin Diýseň Möhüm”

Premýer-ministri Mark Rutte, Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk edilmeginiň ýurdy we ÝB taýdan diýseň möhümdigini aýtdy.

2129094
“Türkiýe Bilen Edilýän Gatnaşyklar, ÝB we Gollandiýa Üçin Diýseň Möhüm”

Gollandiýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Premýer-ministri Mark Rutte, Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk edilmeginiň ýurdy we ÝB taýdan diýseň möhümdigini aýtdy.

Mark Rutte, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Türkiýe, sebitde täsiri ýokary bolan geosyýasy taýdan esasy aktýor we NATO agza ýakyn hyzmatdaş. Türkiýe terrora garşy göreş, howpsuzlyk, howa çalşygy, energetika, ykdysadyýet we göç ýaly ugurlarda hem esasy ýurt” diýdi.

ÝB-niň liderler maslahatynda, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi üçin gepleşikleriň geçirlendigini aýdan Rutte, “Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklar, ÝB we Gollandiýa üçin diýseň möhüm” diýip belledi.

 


Etiketkalar: #ÝB , #Mark Rutte , #Gollandiýa

Degişli Habarlar