Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Katara guraýan saparyny dowam etdirýär.

2129086
Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy

Ministr Hakan Fidan Katara guraýan resmi saparynda Premýer-ministr we Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahim Al Tani bilen bolan duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Kärdeşi bilen sebitdäki soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny beýan eden Fidan; “Biz Ysraýylyň Gazada edýän jenaýatlarynyň sebitleýin çaknyşyga öwrülme howpunyň bardygyny başyndan bäri beýan edipdik, degişli duýduryşlarymyzy beripdik” diýdi.

Fidan geçen hepdäniň ahyrynda başdan geçirilenleriň sebitiň daşyndaky ýurtlaryň goşulmagyndaky söweş ähimallygynyň daş däldigini hemmelere görkezendigini nygtap, şol howpuň henizem dowam edýändigini aýtdy.

Ministr Fidan sebitiň daşyndaky ýurtlaryň hem wakalara sowukganly çemeleşmelidigini nygtap; “Biz sebitde ýerleşýän ýurtlar, üçünji taraplaryň öz çaknyşyklaryny bu sebitde dowam etdirmegini islemeýäris” diýdi.

Eýran bilen Ysraýylyň arasynda başdan geçirilenlerden möhüm netijeleriniň bardygyna ünsi çeken Fidan; “Birinjiden, halkara hukuk hemmelere üçin ýörgünlidir. Global derejede parahatçylygyň we durnuklylygyň açary halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegidir. İkinjiden, Netanýahunyň häkimiýet başynda galmak üçin sebitimize urşa tarap çekýändigi äşägär. Netanýahuny şertsiz goldaýanlar pozisiýalaryny gyssagly seljermäge mejburdyr. Üçünjiden, wakalaryň özeninde Gazada Ysraýyl tarapyndan edilýän zulum we gysyş durýar. Häzirki wagtda ejir çekýän ne Ysraýyl, ne-de Eýran. Ejir çekýän Gazanyň halkydyr” diýdi.

Hakan Fidan Gazada başdan geçirilýän betbagtçylygyň bes edilmegi üçin hemmeleriň irginsiz tagalla etmelidigini hem nygtady.



Degişli Habarlar