Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fidan bilen Blinken Eýranyň Ysraýyla guran hüjümden soň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2127585
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Fidan bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde Eýranyň Ysraýyla guran hüjümden soň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ministr Fidan, Türkiýäniň sebitde dartgynlygyň has-da çuňlaşmagyna alada bildirýändigini aýtdy we Türkiýäniň Gazadaky krizisiň sebitara çaknyşyga öwrülmek howpunyň bardygyna ünsi çekýändigini ýatlatdy.

Ysraýyl-Eýran dartgynlygynyň gözbaşynda Gazadaky söweşiň bardygyny aýdan Fidan, Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini we Gaza yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömeginiň berilmelidigini şeýle bolman halatynda krizisiň çuňlaşmak bilen dowam etjekdigini ýatlatdy.

Ysraýyl, Eýranyň Damaskdaky konsullygyna 1-nji aprelde howa hüjümini gurapdy. Hüjümde Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyndan 2-si general 7 adam ýogalypdy.

Eýran, Ysraýylyň hüjümine degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini mälim edipdi

Eýran öňňin Ystaýyla ýüzlerçe uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady. Hüjümde käbir harby merkezler nyşana alyndy.

Ysraýyl bolsa hüjümleriň esasy böleginiň howa goranyş ulgamlary arkaly hatardan çykarlandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar