Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde terrorçylar tarapyndan ot açylmagy netijesinde ýaralanan 1 esger şehit boldy

2126395
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde terrorçylar tarapyndan ot açylmagy netijesinde ýaralanyp, hassahanada bejergi astyna alynan Gury ýer güýçleriniň uly seržanty Hikmet Aslan, bejergi alýan hassahanasynda edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän, şehit boldy" diýip habar berildi. 

Beýanatda şehit Hikmet Aslana Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine we millete gynanç we sabyr dilendi. 


Etiketkalar: #esger , #şehit , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar