Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 9 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

2126378
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Yragyň demirgazygynda geçirilen howa operasiýanyň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy. Şeýlelik bilen 6-njy aprelde sebitde geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 9-a ýetdi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan ozal berilen beýanatda bolsa: "Türk esgerleri Yragyň demirgazygynda terrorçylary gysýar. Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora we terrorçylara garşy göreşimiz täsirli we tutanýerli ýagdaýda dowam eder" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar