Prezident Erdogan indoneziýaly kärdeşi Subianto bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Indoneziýanyň prezidenti Prabowo Subianto bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2126117
Prezident Erdogan indoneziýaly kärdeşi Subianto bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Indoneziýanyň arasyndaky gatnaşyklar we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Saýlawda gazanan üstünligi bilen Prabowo Subiantony gutlan Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan täze döwürde-de Türkiye bilen Indoneziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň has hem özgerjekdigine, iki ýurduň goranyş senagaty, harby, söwda, maliýe başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn ynam we ýurtlaryň bähbitleriniň çäginde ösdüriljekdigi baradaky tamalaryny beýan etdi. 

Prezident Erdogan Palestina dawasyny we Yslam dünýäsini gyzyklandyrýan ähli ugurlarda Indoneziýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmekleriniň möhümdigini, iki ýurduň arasynda ýola goýulan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahatynyň iň amatly wagtda geçirilmeginiň zerurdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Indoneziýanyň prezidenti Prabowo Subiantony Oraza baýramy bilen hem gutlady. 



Degişli Habarlar