Türkiyäniň Prezidenti Pakistanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Pakistanyň prezidenti Asyf Ali Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2125676
Türkiyäniň Prezidenti Pakistanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda, telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiye bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça güýçlendirmek baradaky tutanýerliligini beýan etdi. 

Prezident Erdogan nusgawy bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňümizdäki tapgyrda geçiriljek Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty bilen has hem berkidiljekdigini belledi. 

Pakistandaky terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlar sebäpli duýgudaşlyk bildiren Prezident Erdogan, Zardarini Gadyr gijesi we golaýlap gelýän Oraza baýramy bilen gutlady. 



Degişli Habarlar