Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

“Türkiýe, Gaza 21 uçar we 8 gämi bilen ynsanperwer kömegini berdi”

2125247
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Türkiýäniň Müsürdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Salih Mutlu Şen, Türkiýäniň, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli Gaza 21 uçar we 8 gämi bilen ynsanperwer kömegini berendigini aýtdy.

Ilçihanada metbugata beýannama beren Şen, Türkiýe bilen Müsüriň Gazada başdan geçirilýän gumanitar pajyga garşy tagalla edýändigini nygtady.

Türkiýäniň, Müsür bilen utgaşykly ýagdaýda Gaza ýnsanperwer kömegini bermäge dowam edýändigini aýdan Şen “Türkiýe, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli Gaza 21 uçar we 8 gämi bilen ynsanperwer kömegini berdi” diýip belledi.



Degişli Habarlar