Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Milli Howpsuzlyk gullugy, “Sorhin Çele” lakamly Wahide Atalaýy Siriýada geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Milli Howpsuzlyk gullugy, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ÝPŽ-niň Aýn Al Arap etrabyndan jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan “Sorhin Çele” lakamly Wahide Atalaýy Siriýada geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Milli Howpsuzlyk gullugy terrorçy Wahide Atalaýyň Yrakda we Siriýada ekstremist terror guramasynyň adyndan terrorçylykly hüjümler guraýandygyny anyklady.
Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýadaky zenanlardan jogapkär ýolbaşçysy bolan Atalaý 2006-njy ýylda terror guramasynyň hataryna goşulýar.
Terrorçy Atalaý şol günden bäri türk howpsuzlyk güýçlerine garşy guralan birnäçe hüjüme gatnaşýar.
Milli Howpsuzlyk gullugy, Atalaýy Siriýanyň Aýn Al Arap etrabynda geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Efiopiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ankarada Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen duşuşdy