Energetika we tebigy serişdeler ministri Eýranda saparda bolýar

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Eýranyň paýtagty Tähran şäherine bardy

2124910
Energetika we tebigy serişdeler ministri Eýranda saparda bolýar

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji we Energetika ministri Ali Akbar Mehrabian bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşyklarda Türkiye bilen Eýranyň arasyndaky elektrik tok söwda ugry ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Eýrana guran sapary bilen bagly sosial media hasabyndan beýannama berdi. 

Alparslan Baýraktar: "Eýran bilen energetika ugrunda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygymyzy esasan hem gaz ugrundaky täze ylalaşyklar bilen özgertmegi maksat edinýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar