Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy

Bu barasynda Daşary işler mimnistrligi beýannama berdi.

2123981
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy

Beýannamada Ysraýylyň soňky edýan halkara hukuk bozmalaryna ýene-de birni goşandygy nygtalýar.

“Ysraýylyň, Eýranyň Siriýanyň Damask şäherinde ýerleşýän Eýranyň Ilçihanasyna guran hüjümini ýazgarýarys” diýilýän beýannamada, bu aksiýanyň bütin sebite ýaramaz täsir ýetirjek çaknyşyga öwrülmegine alada bildirilýändigi nygtalyp; “Degişli ähli taraplary parasatly we seresaply hereket etmäge hem-de halkara hukuk kadalaryny berjaý etmäge çagyrýarys” diýilýär.

Eýranyň Damaskdaky İlçihanasynyň Konsullyk binasyna öňňinde guralan harby howa hüjüminde Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyndan 2 general, jemi 7 adam ýogalypdy. Hüjümde 6 siriýalynyň hem pida bolandygy beýan edilipdi.

Eýran hüjümi Ysraýylyň gurandygyny beýan eden bolsa, resmi Tel-Awiw dymmaga dowam edýär.

Hüjüme gaýtawul görkezjekdigini mälim eden Eýran, ABŞ-nyň jogapkärdigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar