Hakan Fidan Belgiýa gitdi

Türkiye, terrorçylyga garşy göreşi NATO sammitinde gün tertibine getirer...

2124060
Hakan Fidan Belgiýa gitdi

NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 2024-nji ýylyndaky ilkinj maslahaty üçin 3-4-nji aprel aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriljek sammit üçin bir ýere jemlenişerler. 

Sammitde Türkiyä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder. 

Sammitiň gün tertibinde eýmendirmek ugurulary, terrora garşy göreş we Ukrainadaky wakalar bolar. 

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň gurama agza bolmagyndan soňky ýagdaý we Waşington sammiti üçin görülýän taýarlykar hem gün tertibinde esasy orun eýelär. 

Daşary işler ministri Hakan Fidan maslahatda, NATO-nyň terrora garşy birlikde göreşmelidigini, munyň guramanyň esasy wezipelerinden biridigini, gurama agza ýurtlardan käbiriniň terror guramasy PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň kabul edilmesizdigini ýene-de bir gezek nygtap geçer. 

Hakan Fidan hyzmatdaşlaryň biri-birlerine goranyş senagaty ugrunda sanksiýa we çäklendirme goýmagynyň alýansyň ruhuna ters gelýändigini aýdyp geçer, Ýewropanyň goranyşynyň we howpsuzlygynyň täsirli ýagdaýda üpjün edilmegi bilen baglanşykly Türkiyäniň garaýyşlaryny beýan eder. 

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň sammitiň çäginde Britaniýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #NATO , #Belgiýa , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar