Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Metina we Gara sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

2123490
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gözle, tap, ýok et! Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Metina we Gara sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçyny howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. Sebitde iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalarymyz erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar