Stambulda Bolan Ýangynda 27 Adam Ýogaldy

Prezident Erdogan telefon arkaly ıçeri işler ministri Ali Ýerlikaýadan ýangynda hakynda maglumat aldy.

2123888
Stambulda Bolan Ýangynda 27 Adam Ýogaldy

Stambul şäheriniň Beşiktaş etrabynda 16 gatly binadaky dynç alyş merkezinde abadanlaşdyryş işleri dowam edýärkä bolan ýangynda 27 adam ýogaldy.

Welaýat häkimligi ýangynyň söndürlendigini, ýangynda 27 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň hem agyr ýaralanandygyny mälim etdi.

Prezident R. T. Erdogan telefon arkaly ıçeri işler ministri Ali Ýerlikaýadan ýangynda hakynda maglumat aldy.

Ministr Ýerlikaýa waka bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygyny aýtdy.

 


Etiketkalar: #ýangyn , #Stambul

Degişli Habarlar