Erdogan: "Bu saýlawyň ýeňijisi biziň demokratiýamyz we milli erkimizdir" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan düýn geçirilen ýerli saýlawlaryň netijeleri bilen baglanşykly: "Bu saýlawyň ýeňijisi biziň demokratiýamyz we milli erkimizdir" diýip belledi

2123023
Erdogan: "Bu saýlawyň ýeňijisi biziň demokratiýamyz we milli erkimizdir" diýdi

Prezident Erdogan saýlawlaryň netijeleriniň belli bolmagyndan soň, Adalat we ösüş partiýasynyň merkezindäki balkondan raýatlara ýüzlenip çykyş etdi. 

"Raýatlarymyzyň sagdyn pikirliligi we howpsuzlyk güýçlerimiziň pidakärlikleri netijesinde türk demokratiýasy kämillik derejesini ýene bir gezek subut etdi" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Bilşiňiz ýaly saýlawlar demokratiýalaryň iň möhüm günleridir. Milletiň erki saýlaw gutusynda ýüze çykýar. Millet öz pikirini saýlaw gutusy arkaly aýtdy. Millet syýasatça öz habaryny saýlaw gutusy arkaly ýetirýär. Millet duýduryşyny we minnetdarlygyny saýlaw gutusy arkaly bildirýär. 31-nji martdaky Ýerli dolandyryş saýlawlary hem türk milleti sandygyň üsti bilen ýüzlenmelerini syýasatçylara ýetirdi. Netijelere garamazdan, bu saýlawda ýeňiji, ilkinji nobatda, demokratiýamyz, milli erkimiz we syýasy garaýyşlaryna garamazdan 85 million raýatymyzyň ählisidir" diýip belledi. 

"Entek gutarnykly bolmasa-da, saýlaw gutusynyň netijeleri bize (Adalat we Ösüş partiýasy) tutuş ýurt derejesinde beýiklik ýitirýändigimizi görkezýär. Elbetde, bu peselmegiň sebäplerini ýerli esasda hem ara alyp maslahatlaşarys. Ýeňilen, peselen ähli ýerlerimizdäki sebäpleri gaty gowy kesgitläris we zerur çäreleri göreris" diýip aýdan Prezident Erdogan saýlawyň netijeleriniň ýurda, millete, şäherlere, etraplara we obalara düşümli bolmagyny diledi. 



Degişli Habarlar