Erdogan Bilen Raisi Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Prezident Erdogan, Eýranyň Prezidenti Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2122914
Erdogan Bilen Raisi Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Prezident R. T. Erdogan, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň sosial mediadan beren habarnamasyna görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri we sebitdäki gumanitar ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin edýän tagallasyny güýçlendirmek bilen dowam etdirmeginiň möhümdigini, Al Fetih bilen Hamasyň bu etapda birlikde hereket etmelidigini nygtady.

Erdogan, Ysraýylyň dartgynlygyň tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirmegi üçin edýän tagallasyna garşy birlikde hereket edilmelidigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar