Türkiyede ýerli saýlawlar geçirilýär

Türkiye boýunça saýlaw bilen bagly tolgunmalar ir ertir bilen başlandy

2122522
Türkiyede ýerli saýlawlar geçirilýär

Türkiyede 5 ýylyň dowamynda iş alyp barjak ýerli ýolbaşçylary saýlamak maksady bilen ýerli saýlawlar geçirilýär. 

Ýurduň 81 welaýatynda ses bermek işleri dowam edýär. 

Ýurduň gündogaryndaky 32 welaýatda ses bermek işleri Türkiyäniň wagty bilen sagat 07:00-da başlady, Türkiyäniň wagty bilen sagat 16:00-da tamamlanar. 

32 welaýatdan daşary beýleki ähli welaýatlarda bolsa ses bermek işleri Türkiyäniň wagty bilen sagat 08:00-da başlady, Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-da tamamlanar. 

31-nji martda şu gün geçirilýän ýerli saýlawlarda 81 welaýatyň, 973 etrabyň we 390 etrapçanyň häkimleri kesgitlener. 



Degişli Habarlar