TBMM-nyň başlygy ýerli saýlawlar üçin ses berdi

TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş Stambul şäheriniň Fatih etrabynda ses berdi

2122716
TBMM-nyň başlygy ýerli saýlawlar üçin ses berdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş Türkiyäniň bu ýerli saýlawlary geçireninden soň, Türkiye Asyry maksatnamalaryna tarap has güýçli ädimler bilen ýörejekdigini beýan etdi. 

TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş Stambul şäheriniň Fatih etrabynda ses berdi. 

Ýerli saýlawlaryň netijeleriniň häzirki wagtdan düşümli bolmagyny dilän Numan Kurtulmuş: "Geljekki bäş ýylda milletiň we ýurduň raýatlaryna iň gowy hyzmat etjek hyzmat wezipesini arzuw edýärin. Saýlawlaryň netijesiniň demokratiýa taýdan, Türkiyäniň ýeten demokratik kämilligini görkezmegi taýdan hem gowy bolar we Türkiye bu saýlawlardan soň Türkiye Asyry maksatnamalaryna tarap has çalt ýagdaýda, has güýçli ädimler bilen ýörär, dowam etdirer" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar