31-nji Martda Türkiýede Ýerli Saýlawlar Geçiriler

Türk halky ýerli dolanşyklaryň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin 31-nji mart ýekşenbe güni ses berer.

2122220
31-nji Martda Türkiýede Ýerli Saýlawlar Geçiriler

Saýlawçylar 30 uly munisipalitet, 51 welaýat häkimi, 973 etrap häkimi, 390 etrapçanyň häkimi bilen 50,336 arçynyň ýany bilen umumy welaýat mejlisleriniň hem-de häkimlikleriň mejlisileriniň agzalary üçin ses bererler.

34 syýasy partiýanyň gatnaşmagyndaky saýlawda Stambul 22 sanysy syýasy partiýa, 27 sanysy garaşsyz jemi 49 dalaşgär bilen iň köp dalaşgäriň bäsleşjek şäheri boldy.

Dalaşgärleriň kiçisi 18, ulusy 90 ýaşynda.



Degişli Habarlar