Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Gazada örän köp akýan musulman ganyň öňüde kör, ker bolanlaryň ertirki gün Türkiyäniň başyna betbagtçylyk gelse şol bir zady etjekdiklerini habar berdi

2121699
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy we ýurduň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan partiýasynyň Bursa welaýatynda geçiren mitinginde eden çykyşynda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümleriniň üstünde durup geçdi. 

Gazada örän köp akýan musulman ganyň öňüde kör, ker bolanlaryň ertirki gün Türkiyäniň başyna betbagtçylyk gelse şoňa meňzeş hereketi etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Aslyna garanyňda biz ony başymyzdan geçirdik. Russiýa bilen aramyz bozulan we terror guramalarynyň serhetlerimize aralan bir döwründe Günbatarly ýurtlar ülkäniň günorta sebitindäki şäherlerde ýerleşdirilen howa goranyş ulgamlaryny alyp gidipdiler. Şol mahalky kynçylyklaryň hötdesinden öz güýjümiz bilen, mümkinçiliklerimiz bilen, göreşimiz bilen geldik. Siriýada, Liwiýada, Ortaýer deňizinde, Gara deňizde, Garabagda nähili ädim eden bolsak, garşymyzda uly bir alýansa gabat geldik" diýip habar berdi. 

Erdogan käbir ýurtlaryň ynam we durnuklylyk gurşawyny bozmak üçin ençeme ýyl bäri Türkiyede täsir edip biljek her bir bölegini öjükdirmäge, hereketlendirmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan: "Bu topraklary watanymyz etmek üçin eden tagallalarymyzy, watanymyzy saklamak üçin dowam etdirmäge mejburdyrys. Ýogsam, bir asyr mundan ozal edişleri ýaly, bizi bu ýerlerden almaz bilen gazyp uzaklaşdyrmakda çekinmejekdikleri aýdyňdyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar