Hakan Fidan PKK-nyň Ýewropa ýurtlaryndaky meçew bermeleri bilen bagly beýanat berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiyäniň operasiýalary bilen çüňke gabalan ekstremist terror guramasy PKK-nyň olara takat edýän Ýewropa ýurtlarynda terror edýändigini aýtdy

2121304
Hakan Fidan PKK-nyň Ýewropa ýurtlaryndaky meçew bermeleri bilen bagly beýanat berdi

Stambulda geçirilen çäreleriň birinde söz sözlän Daşary işler ministri Hakan Fidan soňky günlerde PKK-nyň tarapdarlarynyň Belgiýada 2 aýry şäherde türk raýatlaryna hyýanatçylyk bilen hüjüm edendigini ýatlatdy. 

"Germaniýada Gannower şäherindäki Baş konsullygymyza paltalar bilen hüjüm etjek derejede azdylar" diýip aýdan Hakan Fidan, Fransiýada hem şoňa meňzeş aksiýalaryň bolandygyny mälim etdi. 

Hakan Fidan: "PKK biz hüjüm etdigimiz saýyn çüňke gabalýar. Çüňke gabalmak bilen bolsa bu gezek eýýäm ençeme ýyl bäri takat edilýän ýurtlarda terror edýär. Döwletimiz bolsa raýatlaryna islendik şertde eýe çykýar. Mesele şolar ýaly aňsatdyr" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #terror , #Ýewropa , #PKK , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar