Amerikan Wekiliýeti Ankara Geler

Milli goranmak ministri Ýaşar Güler ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň wekiliýeti bilen F-16 harby uçarlarynyň üpjünçilik tapgyry hakynda pikir alyşar.

2121582
Amerikan Wekiliýeti Ankara Geler

Milli goranmak ministrligi bu barasynda beýannama çap etdi.

Ministrligiň behannamasynda ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Ýaragly hyzmatlar komitetiniň wekiliýetiniň paýtagt Ankara sapara geljekdigi mälim edilýär.

Beýannamada; “Hormatly ministrimiz Ýaşar Güler, ertir ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Ýaragly hyzmatlar komitetiniň 4 agzasyny ministrligimizde kabul eder. Duşuşygyň özara harby gatnaşyklarynyň gün-tertibinde durýan terrorizme garşy göreş we ABŞ-nyň PKK/ÝPG-ä berýän goldawy, F-16 harby uçarlarynyn üpjünçiligi we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy, Kongressde tassyklanmagyna garaşylýan taslamalar ýaly hususlarda milli howpsuzlyk bilen bagly pozisiýamyzyň ýokary derejede beýan edilmegi üçin şert döretmegine garaşylýar” diýilýär.

 



Degişli Habarlar