Terror Guramasy PKK Ýurduň Içinde Agyr Zarba Uruldy

Prezident R.T.Erdogan ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň çäginde gymyldap bilmejek, aksiýa gurap bilmejek ýagdaýa getirendiklerini aýtdy.

2121185
Terror Guramasy PKK Ýurduň Içinde Agyr Zarba Uruldy

Alat we ösüş partiýasyna başlyklyk edýän Prezident Erdogan partiýasynyň Diýarbakyr welaýatyndaky mitinginde terrorizme garşy göreş hakynda durup geçdi.

“Milli bähbitlerimizi goraýarkak kimin guýrugyna bassak, dessine PKK-nyň ýanyna ylgaýar. Biz DEAŞ diýilýän imperalistleriň oýunjağyna onsuz hem göz açdyrmaýarys” diýen Erdogan, PKK-ny hem ýurduň içinde  gymyldap bilmejek, aksiýa gurap bilmejek ýagdaýa getirendiklerini nygtady.

Erdogan: “Serhetlerimiziň daşynda-da ädimme-ädim yzarlaýarys. Emma ol, isleýänleriň ýurdumyza we miletimize garşy ulanyp biljek oýnatgysy bolandygyny üýtgetmeýär. Goňşy ýurtlaryň esasy bölegi çaknyşyklaryň içinde çykgynsyzlygy başdan geçirýän bolsa, biziň howpsuzlygymyzy, asudalygymyzy, esenliğimizi, durnuklylygymyzy, adabançylygymyzy bozmaga synanşýanlara asla boýun egmedik, egmeris” diýdi.



Degişli Habarlar