Terror Guramasy PKK/ÝPG Ýene-de 1 Gyzy Zamun Aldy
15 ýaşyndaky gyzyň, PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan zamun alynandygy habar berildi
Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG, Siriýanyň Halap welaýatynyň Aýnularap etrabynda guramanyň hataryna goşulmagy üçin 15 ýaşyndaky gyzy zamun aldy.
Oppozision Kürt toparynyň metbugat sekretary Redor Al Ahmed, Halap welaýatynyň Aýnularap etrabynda 15 ýaşyndaky gyzyň, PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan zamun alynandygyny aýtdy.
Ahmet, ekstremist terror guramasynyň zamun alynan gyzyň hossarlary bilen aragatnaşyk saklamagyny bökdändigini belledi.
PKK/ÝPG zamun alan çagalaryny we ýaşlary ýaragly tälim bermek maksady bilen ýörite düşelgelerine alyp gidýär.
Terror guramasy 10-njy martda hem basyp alyşlyk astyndaky Halap welaýatynyň Manbiç etrabynda guramanyň hataryna goşulmagy üçin 14 ýaşyndaky gyzy zamun alypdy.
BMG-nyň 2022-nji ýyldaky “Ýyllyk ýaragly çaknyşyklardaky çagalar” habarnamasynda, PKK/ÝPG-niň 2022-nji ýylda 1200-den gowrak çagany zamun alandygy we söweşmäge zorlandygy nygtalýardy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.