“Ysraýyl Gazada II Jahan Urşundan Soňky Iň Uly Gyrgynçylygy Edýär”

Erdogan, terror döwleti Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri çaga, zenan, ýaşuly diýmän gazaly asuda ilaty gyrgyna berýändigini nygtady

2119320
“Ysraýyl Gazada II Jahan Urşundan Soňky Iň Uly Gyrgynçylygy Edýär”

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Gazada II jahan urşundakydan has uly gyrgynçylyk edýändigini aýtdy.

Stambulda berlen agzaçara gatnaşan Prezident Erdogan, Siriýada, Yrakda, Sudanda we soňky gezek Gazada başdan geçirilýän wakalaryň mübärek remezan aýynda dowam etmeginiň gynandyryjydygyny belledi.

Terror döwleti Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri çaga, zenan, ýaşuly diýmän gazaly asuda ilaty gyrgyna berýändigini nygtan Erdogan, “Ysraýyl Gazada II jahan urşundan soňky iň uly gyrgynçylygy edýär. Söweş döwründe goralmagy zerur bolan hassahanalary, saglygy goraýyş işgärlerini, ybadathanalary bilkastlaýyn nyşana alýandygyny görýäris. BMG-nyň başda durmagynda ähli halkara guramalar bolsa Ysraýylyň wagşyçylykly hüjümlerine ýönekeý reaksiýa bildirmek bilen syn edýär”diýdi.

Türkiýe hökmünde sebitdäki dostlary bilen birlikde gazaly asuda ilata goldaw bermäge çalyşýandyklaryny aýdan Erdogan “Pygamberimiziň hadyslaryna laýyklykda elimiz bilen, dilimiz we ýüregimiz bilen zuluma garşy durýarys we gazaly doganlarymyza goldaw berýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar