Türkiyäniň Prezidenti Moskwada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

2119259
Türkiyäniň Prezidenti Moskwada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Ýurduň prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan "Uly Ankara mitinginde" halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Erdogan çykyşynyň başynda düýn Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki konsert zallarynyň birinde guralan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly ýurdunyň we milletiniň adyndan Russiýanyň hökümedine gynanç bildirdi. 

"Bigünä asuda ilaty nyşana alýan bu aýylganç terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Terror kim tarapyndan guralandygyna ýa-da jenaýatçynyň kimdigine garamazdan kabul ederliksizdir. Terrorçylygyň ganly ýüzüni gaty gowy bilýän ýurt hökmünde rus halkynyň gam-gussasyny millet we döwlet hökmünde paýlaşýarys. Adamzadyň umumy duşmany bolan terrorçylyga garşy göreşimizi dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar