Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
"Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”
Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, terrory dolulygyna ýok etmek üçin egilşiksiz operasiýalaryň dowam edýändigi nygtalyp, “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil etrapçasynda ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy Howa güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder” diýildi.
Milli howpsuzlyk gullugy hem “ýaşyl sanawda” gözlenýän ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň jogapkär ýolbaşçylaryndan “Seýdo Kod” lakamly terrorçy Halil Tekini, Siriýanyň Gamyşly etrapçasynda guran operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň hataryna 2007-nji ýylda goşulan, Siriýada we Yrakda terrorçylykly aksiýalara gatnaşan Tekiniň, özüni ýaly terror guramasynyň agzasy bolan kakasy Ibrahim Tekiniň hem 1992-nji ýylda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Efiopiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ankarada Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen duşuşdy