Täze Ýyldan Bäri 608 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ministr Ýaşar Güler Kahramanmaraşda şehitleriň hossarlary we gahrymanlar bilen agzaçarda duşuşdy

2118180
Täze Ýyldan Bäri 608 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam edýändigini nygtan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, täze ýyldan bäri 608 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Kahramanmaraşda şehitleriň hossarlary we gahrymanlar bilen agzaçarda duşuşan Ýaşar Güler, gahryman Türk goşunynyň, serhetleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, mawy we gök watandaky hak-hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy, halkara parahatçylyga we durnuklylyga goldaw berilmegi, ýerli we milli goranyş senagatynyň ösdürilmegi bilen birlikde halkara derejesinde geçirilýän türgenleşiklere gatnaşmak üçin uly işleri amala aşyrýandygyny aýtdy.

Ganhor terrorçylara uly zarba urulýandygyny nygtan Ýaşar Güler, “Gahryman goşunymyz, ýurdumyzyň we halkymyzyň hak-hukugyna hüjüm eden ganhor terror guramasyna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär. Şol çäkde ýurduň içinde we serhetaşa geçirýän operasiýalarymyz bilen terror guramasyna uly zarba urduk” diýdi.

Terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini nygtan Ýaşar Güler, 2024-nji ýylyň başyndan bäri 608, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri hem 40 müň 177 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar