Yragyň demirgazygynda PKK-a degişli ýerlere howa hüjümleri guraldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a degişli 27 nyşana howa hüjümleri bilen ýok edildi

2117635
Yragyň demirgazygynda PKK-a degişli ýerlere howa hüjümleri guraldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Hiç bir şehidimiziň ganyny ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Yragyň demirgazygyndaky Metina, Zap, Hakurk, Gara we Kandil sebitlerinde terror guramasy PKK tarapyndan ulanylandygy anyklanan, gaçybatalgalardan, gowaklardan we ammarlardan ybarat jemi 27 aýry nyşana, geçirilen howa operasiýasy bilen ýok edildi" diýip habar berildi. 

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde PKK tarapyndan düýn amala aşyrylan hüjümde 1 esger şehit bolupdy, 4 esger hem ýaralanypdy. 

Başdan geçirilen çaknyşyklarda ilkinji kesgitlemelere görä 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar