Hakan Fidan Ýadro energiýasy sammitine gatnaşar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Ýadro energiýasy sammitinde Türkiyäniň energiýa howpsuzlygy bilen bagly syýasaty barada gürrüň berer

2117672
Hakan Fidan Ýadro energiýasy sammitine gatnaşar

1-nji Ýadro energiýasy sammiti 21-nji martda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriler. 

Sammitde arassa energiýa geçiş, energiýa howpsuzlygy we ýadro energiýasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki orny ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammitde Türkiyä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.

Ministr Fidan sammitde döwlet we hökümet baştutanlaryna ýüzlenip, Türkiyäniň energiýa howpsuzlygy syýasatlary barada gürrüň berer we Akkuyu atom elektrik bekedi taslamasy barada söhbetdeşlerine maglumat habar berer.

Sammitde gatnaşyjylara adaty atom elektrik stansiýalarynyň we kiçi modully reaktorlaryň Türkiyäniň energiýa howpsuzlygynyň esasy elementi boljakdygy barada gürrüň beriler. 

Ýadro energiýasy sammitine ýadro energiýasyny ulanan, bu ugurda işlerini giňeltmegi maksat edinýän we ýadro energiýa geçmek isleýän ýurtlaryň wekilleri çagyryldy. 

Sammite 18 ýurduň hökümet we döwlet baştutanlary ýa-da orunbasarlar, Ýewropa Bileleşiginiň geňeşiniň we Komissiýasynyň başlyklary, 17 ýurtdan ministrler we ýokary derejeli resmiler gatnaşar.


Etiketkalar: #sammit , #Belgiýa , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar