Erdogan Halkara Guramalarynyň we Musulman Dünýäniň Synagdan Geçip Bilmändigini Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan “Halkara guramalary Gazada ýene-de bir gezek synagdan geçip bilmedi. Bu tapgyrda musulman dünýäsi hem tamany ödemedi” diýdi.

2116538
Erdogan Halkara Guramalarynyň we Musulman Dünýäniň Synagdan Geçip Bilmändigini Aýtdy

Erdogan Stambulda berlen “Gadymy dostlar agzaçaryna” gatnaşdy. Ol ýerde çykyş eden Erdogan, Ysraýylyň 7-nji okýbrdan bäri hüjümlerini dowam etdirýändigini, Gazada soňky asyryň iň pajygaly gyrgynçylyklaryndan biriniň başdan geçrilýändigini nygtap, hgalkara guramalarynyň bu meselede “ýene-de bir gezek synpda galandygyny” aýtdy.

“Ysraýyla gyrgynçylyklaryny etmegi üçin ok-däri goldawyny berýan günbatar ýurtlarynyň munafyklygy, Gazany dünýäniň iň uly çaga-zenan gonamçylygyna öwürdi” diýen Erdogan; “ Kabul edeliň, musulman dünýäsem tamany ödemedi. Musulmanlar onuň hasabyny öz aralarynda bermeli” diýdi.

Türkiýäniň ähli mümkinçilikleri bilen gazaly doganlaryna eýe çykýandygyny nygtan Erdogan, Gaza 40 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömeginiň mundan beýläk hasam artjakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar