Prezident Erdogan Pakistanyň Prezidenti Zerdarini gutlady

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Pakistanyň prezidenti Asyf Ali Zerdarini prezident wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady

2114561
Prezident Erdogan Pakistanyň Prezidenti Zerdarini gutlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Prezident Erdogan Pakistanyň Prezidenti Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Zerdarini prezident wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlan Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösmegine garaşýandyklaryny belläp, täze döwüriň Pakistan üçin düşümli bolmagyny dileýändiklerini beýan etdi.

Umumy saýlaw tapgyrynda Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgaran Prezident Erdogan, Türkiyäniň terrora garşy göreşde Pakistanyň ýanynda durmaga dowam etjekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar