Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ministr Hakan Fidan şeýle hem paýtagt Ankara şäherine sapar guran Kuba Respublikasynyň wise-premýeri Rikardo Kabrisas Ruis bilen duşuşyk geçirdi

2114734
Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
kuba basbakan yard ricardo cabrisas ruiz-fidan.jpg
fidan-katar disisleri bakani seyh muhammed bin abdurrahman al sani.jpg

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Kataryň Premýer ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen Gazada başdan geçirilen soňky hadysalary ara alyp maslahatlaşdy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Gazanyň soňky ýagdaýyny, ynsanperwer ýagdaýy we ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. 

Ministr Hakan Fidan şeýle hem paýtagt Ankara şäherine sapar guran Kuba Respublikasynyň wise-premýeri Rikardo Kabrisas Ruis bilen duşuşyk geçirdi. 


Etiketkalar: #Kuba , #Katar , #Gaza , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar