Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan geçirilen operasiýalar barada maglumat berildi

2113261
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 10 terrorçy we Siriýanyň demirgazyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylar üçin hiç bir ýer howpsuz däl. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 10 terrorçyny we Siriýanyň demirgazyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde PKK/ÝPG-e agza 1 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Yrak , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar