Ali Ýerlikaýa: "9 aýda 782 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2024-nji ýylyň 29-njy fewralyna çenli 782 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

2113247
Ali Ýerlikaýa: "9 aýda 782 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa düýn Tekirdag welaýatynyň Çorlu etrabynda eden çykyşynda, Türkiyäniň terrora garşy göreşini täsirli we tutanýerli ýagdaýda dowam etdirýändigini habar berdi. 

Uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň beren güýji bilen terrorçylara agyr zarba salynandygyny aýdan Ali Ýerlikaýa, 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2024-nji ýylyň 29-njy fewralyna çenli geçirilen 21 müň 153 operasiýa bilen 782 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Ali Ýerlikaýa çykyşynda soňky 9 aýda 128 terrorçylykly aksiýanyň öňüniň alynandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar