Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Bilen Duşuşdy

Fidan bilen Blinken duşuşykda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2113006
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Bilen Duşuşdy

Iş sapary bilen Waşingtona giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

Fidan bilen Blinken duşuşykda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan duşuşykda Gazadaky gyrgynçylygyň bes edilmegi we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin gyssagly herekete geçilmelidigini nygtady.

Hakan Fidan, Gazanyň halkyna yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigine ünsi çekdi.

Ministr Fidan Waşigtona guran sapary hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, özara gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar