Erdogan Stambulda Türkiýe 8-nji Mart Mynasybetli Guralan Çärä Gatnaşdy

Prezident R.T.Erdogan Türkiýe asyrynyň taýýarlyklaryny “güýçli zenan, güýçli maşgala, güýçli Türkiýe” esasynda görýändiklerini aýtdy.

2112975
Erdogan Stambulda Türkiýe 8-nji Mart Mynasybetli Guralan Çärä Gatnaşdy
erdogan kadinlar gunu.jpg
erdogan kadinlar gunu program.jpg
erdogan kadinlar gunu program.jpg
erdogan kadinlar gunu program.jpg

Prezident Erdogan Stambulda Türkiýe bilen güýçlenen, Türkiýä güýç berýän zenanlar atly maslahata gatnaşdy.

Eredogan türk we bütin dünýä zenanlarynyň Halkara aýal-gyzlar gününi gutlady.

8-nji martyn parahatçylyk, dostluk, doganlyk we arkalaşyk getirmegini arzuw eden Prezident Erdogan; “Diňe bir 8-nji mart däl, ýylyň galan 364 günem zenanlaryň günüdir, şeýle bolmaly. Türkiýe asyrynyň taýýarlyklaryny  “güýçli zenan, güýçli maşgala, güýçli Türkiýe” esasynda görýäris” diýdi.

Güýçli maşgalanyň diňe bir milletin we ýurduň däl, şol bir wagtda-da ýurduň geljeginiň kepilligidigini nygtan Erdogan, maşgala bilen zenany aýyrýan, zenany maşgalanyň garşysyna goýýan, zenan bilen maşgalanyň arasynda diwarlary çekýän düşünjäni ret edýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar