Hakan Fidan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahatyna Gatnaşar

Fidan, “Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümleri” temaly maslahatyna gatnaşar”

2111087
Hakan Fidan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahatyna Gatnaşar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçiriljek Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Jenap ministrimiz, 2024-nji ýylyň 5-nji martynda Jidde şäherinde geçiriljek “Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümleri” temaly maslahatyna gatnaşar” diýildi.

Beýannamada, Ministr Fidanyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleri derejesinde nobatdan daşary ýagdaýda geçirjek maslahatynyň çäginde kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirjekdigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar