Türkiýäniň Ykdysadyýeti 4,5 Göterim Ösüş Etdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 4,5 göterim ösüş edip, möhüm üstünlik gazanandygyny aýtdy.

2109273
Türkiýäniň Ykdysadyýeti 4,5 Göterim Ösüş Etdi

Adalat we ösüş partiýasynyň hem başlygy bolan Erdogan, partiýasynyň Aýdyn welaýatyndaky mitinginde halka ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşynda şu gün çap edilen 2023-nci ýylyň ösüş görkezicileri hakynda-da durup geçen Przident Erdogan; “Türkiýäniň ykdysadyýeti geçen ýylky ýer titremelere we beýleki ýaramaz şertlere garamazdan 4,5 göterim ösüş edip, möhüm üstünlik gazandy. Şeýlelikde ykdysadyýetimiz birsydyrgyn ýagdaýda 14 çärýekden bäri ösüş edýär” diýdi.

Türkiýäniň bu mukdar bilen ÝB-ne agza ýurtlaryň hatarynda iň ýokary ösüş eden ýurt bolandygyny aýdan Erdogan; “İçerki milli girdecimiz 1,1 trillion dollardan geçdi we ol taryhy rekord” diýdi.

 



Degişli Habarlar