Şimşek Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Gazna ministri Žanet Ýellen, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek we Türkiýäniň Merkezi bankynyň Başlygy Fatih Karahan bilen duşuşdy.

2108880
Şimşek Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Gazna ministri Žanet Ýellen G20-niň maslahatynyň çäginde Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek we Türkiýäniň Merkezi bankynyň Başlygy Fatih Karahan bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýannama görä Ýellen, Braziliýanyň Sao Paulo şäherinde guralan G20-niň Maliýe ministrleriniň we Merkezi bankyň başlyklarynyň maslahatynyň çäginde Şimşek we Karahan bilen duşuşdy.

Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtalyp, gara puly aklamak we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreş bilen şol çäkde sanksiýalaryň goýulmagy ýaly möhüm sebitleýin mesleleri çözmek üçin Türkiýe bilen ABŞ-nyň nämeler edip biljekdikleri seljerildi.

Ýellen X hasabyndan beren habarnamasynda; “Türkiýe bilen ABŞ-nyň esasy sebitleýin mesleleri çözmek üçin bilelikde nähili işleşjekdikleri hakynda ministr Şimşek bilen pikir alyşdym. Özara gatnaşyklarymyzyň ähmiýetini hem nygtadym” diýip, ýazdy.

 



Degişli Habarlar