1 Hepdede 60 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Serhetaşa operasiýalarda soňky bir hepdede 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2106097
1 Hepdede 60 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli goranmak ministrligi terrorizme garşy göreş hakynda brifing berdi.

Şuňa laýyklykda Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen bilelikde geçirilen operasiýalarda soňky bir hepdede 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelikde 1-nji ýanwardan bäri 184 sanysy Yragyň, 274 sanysy Siriýanyň demirgazygynda, jemi täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 458-e ýetdi.

Yragyň demirgazygynda 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda başlan “Penje-Gulp” operasiýasynda-da şu günki güne çenli 824 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy, siriýalylaryň howpsuz ýurtlaryna dolanmaklary we durmuş şertleriniň kadalaşmagy boýunça alynyp barylýan işler hem dowam edýär.

Soňky 1 hepdede serhetlerden bikanun ýollardan geçmäge synanşan 201 adam ele salyndy.



Degişli Habarlar