Fidan Blinken bilen duşuşyk geçirdi

Geçirilen duşuşykda Gaza meselesinde ylalaşygyň iň gysga wagtda üpjün edilip bilinmegi üçin edilip bilinjek ädimler maslahatlaşyldy

2105816
Fidan Blinken bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Gaza meselesinde ylalaşygyň iň gysga wagtda üpjün edilip bilinmegi üçin edilip bilinjek ädimleri ara alyp maslahatlaşdy. 

Daşary işler ministri Hakan Fidan G20-ä agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin giden Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde ABŞ-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşykda Gaza meselesinde ylalaşygyň iň gysga wagtda üpjün edilip bilinmegi üçin edilip bilinjek ädimler maslahatlaşyldy. 

Russiýa-Ukraina uruşy, NATO-nyň giňelmek tapgyry, Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk tapgyry we beýleki sebitleýin meseleleriň ele alynan duşuşykda, mundan soňky tapgyrda guraljak ýokary derejeli saparlaryň senenamasy ele alyndy. 



Degişli Habarlar