Türkiyäniň Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Braziliýa gitdi

2105134
Türkiyäniň Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolar

G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri döwürleýin başlygy Braziliýanyň ýer eýeçilik etmeginde Rio-de-Žaneýro şäherinde bir ýere jemlenişerler. 

Iki gün dowam etjek maslahatda halkara meseleleriň çözüwinde G20-niň roly we global dolanşyk özgertmesi ara alynyp maslahatlaşylar. 

Maslahatda Ukraiandaky we Gazadaky uruşlaryň gün tertibe getirilmegine garaşylýar. 

Daşary işler ministri Hakan Fidan maslahatda Türkiyäniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi başda bolmak bilen global dolanşyk guramalaryndaky özgertmeleriň zerurlygyna berýän ähmiýetini beýan eder.

Hakan Fidan mundan başgada wagşylygy bes edilmegiň we Gazada hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagynyň derwaýyslygyna ünsleri çeker.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Braziliýada şeýle hem ikiçäk duşuşyklar geçirer. 

Ministr Hkan Fidan maslahatyň çäginde geçiriljek MIKTA-nyň (Meksika, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Türkiye, Awstraliýa) 25-nji Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. 



Degişli Habarlar