Fahrettin Altun "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi

Kommunikasiýalar edarasy 7-nji oktýabrdan bäri Gazada gyrgynçylygyny dowam etdirýän Ysraýylyň 200-e golaý dezinformasiýasyny ýüze çykardy

2104901
Fahrettin Altun "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun paýtagt Ankara şäherinde Anadoly habarlar agentligi tarapyndan geçirilen "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyl tarapyndan Gazada aç-açan genosid edilýändigini aýdan Fahrettin Altun: "Ysraýyl gyrgynçylyklaryny gizlemek üçin uly tagalla edýär" diýip mälim etdi. 

Kommunikasiýalar edarasy hökmünde Ysraýylyň dezinformasiýalaryny ýüze çykarandyklaryny, ýalan-töhmetleirni ýeke ýeke anyklandyklaryny aýdan Fahrettin Altun: "Dezinformasiýa garşy göreş merkezimiz 7-nji oktýabrdan şu günki güne çenli 200-e golaý dezinformasiýany ýüze çykardy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar